Men bärde 4 ýyl mundan ozal bolupdym we şol wagtlar bu gürrüňler internede goýulmaýardy. Meň pikirimçe TED-lilere bir gutyň içinde berilýärdi bir DVD gutysynda. Bu gutyny tekjelere goýýardylar, häzir hem şol ýerinde durýandyr. (Gülüşmeler) Hatda Kris maňa jaň edende gürrüňümden 1 hepde soňrady maňa şeýle diýdi "Gürrüňleri internede goýýarys. Seniňkileri hem goýup bilerismi?" Menem "elbette" diýdim. We 4 ýyl soňra aýdyşym ýaly, gürrüňe tomaşa eden adam sany 4 ... Neme, aslynda 4 miliýon gezek ýüklenipdir bu wideo. Ýagny bu sany 20-ä köpeltsek ýa-da şoňa ýakyn sana takmynan wideoýa tomaşa eden adam sany taparys. Diýmek Krisiň aýdyşy ýaly, adamlar meni wideoda görmäge teşne ekenler. (Gülüşmeler) (El çarpyşmalar) ...sizem şeýle duýaňzokmy? (Gülüşmeler) Ýagny, bütin bu tertip meniň size ýene bir gürrüň etmegim üçin taýýarlanan bir oýun. Ynha baş üstüne. (Gülüşmeler) 4 ýyl öň Al Gor TED konferensiýasynda çykyş edipdi. we klimat krizisinden söz edipdi. Soňky gürrüňümiň soňunda onuň sözlerine deginipdim. Galan ýerimden dowam edeýin näme etsemem şol wagt diňe 18 minudym bardy. Nirede galypdyk... (Gülüşmeler) Mamlady Möhüm bir krizisiň bardygy gün ýüzündedi. Muňa ynanmaýanlara biraz köpüräk köçä çykmaklaryny maslahat berýärin. (Gülüşmeler) Ýöne men ýene bir klimat krizisiniň bardygyna ynanýaryn birinjisi ýaly ýowuz, we çykyş sebäbi deň we bu krizisede deň gyssaglykda çemeleşmelidiris. Diýmek isleýänim -- bu ýagdaýda "Seret, başymyzda bir krizis bar ikinji birine ätiýajym ýok" diýip bilersiňiz. Ýöne bu krizis, tebigy sebäplerden däl ynanjyma görä ynsan çeşmeli bir krizis. Meniň pikirimçe, esasynda, soňky günlerde köp çykyş edijiniň aýdyşy ýaly ukyplarymyzy örän netijesiz ulanýarys. Birnäçe adam durmuşyny ukyplarynyň nämedigini bilmän geçirýär, ýada bir ukybynyň bardygyndan hem habarsyz. Birnäçe adam bilen tanyşýan özleriniň gowy edýän hiç işleriniň ýokdygyny çaklaýarlar. Men dünýäni 2 topara bölýärin. Žeremi Bentam, beýik peýdaçy filozof bir gezek şeýle bir jedel başladypdy. Şeýle diýipdi, "Dünýäde 2 görnüş ynsan bar, dünýädäki ynsanlary ikä bölýänler we bölmeýänler." (Gülüşmeler) Men bölýänlerden. (Gülüşmeler) Bir topar adam bilen tanyşýan edýän işlerini söýenoklar. Durmuşlaryny ýaşmaly diýip ýaşaýarlar. Edýän işlerinden lezzet almaýarlar. Lezzet almak ýerine, ol işe sabyr edýärler we hepde soňuna garaşýarlar. Emma başga adamlar bilen hem tanyşýaryn edýän işlerini söýýärler we başga iş etmegi pikirem edenoklar. Olara "Indi bu işi etme" diýseňiz, "Sen näme diýýäniňi bilýäňmi?" diýip sorarlar. Sebäbi edýänleri iş däl-de olaryň kişiligidir. "Emma bu men." diýerler. "Iň köp özüm ýaly duýmagymy üpjin edýän işden aýrylmak samsyklyk bolar." Gynansakda bu ýagdaý ýeterlik adam üçin degişli däl. Aslyna seredeňde, meniň pikrimçe düýp göter tersi gaty az adama degişli. Meniň pikrimçe munyň birnäçe düşündürilişi bolup biler. Bulardan iň ýokarda bolany okuw, sebäbi okuw adamlary tebigy ukyplaryndan uzaklaşdyryp biler. Ynsan ukyplary, tebigy çeşmeler ýalydyr köplenç has çuňluklarda gömülgidir. Gowy edip gözlemek gerek. Töwerekde, üst ýüzünde durmazlar. Ýüze çykyp biljekleri ýagdaýyň taýýarlanmasy gerekli. Çak edip biljegiňiz ýaly munuň ýoly okuwdan geçmelidir. Ýöne köplenç geçmez. Dünýädaki ähli okuw sistemalary şuwagt reforma içinde. Ýöne bu ýeterli däl. Reforma indi ýeterlik çözgüt däl sebäbi reforma diýmek döwük bir nusgany bejermek diýmekdir. Gerekli bolan -- dogry bu gep soňky wagtlarda köp ulanylýan boldy özä-- okuwyň ewolusiýa geçirmegi diýmek däldir, gerekli bolan okuwyň rewolusiýasydyr. Indi okuw öz halyndan başga bir hala geçmelidir. (El çarpyşmalar) Iň uly kynçylyklaryň biri okuwyň esasynda täzeçileşdirmekdir. Täzelik kyndyr sebäbi adamlar öwrenişmekde kynçylyk çekjekler täze bir zatlar etmeli bolarlar. Dogry diýýan zatlarymyzy derňemegimizi gerekli, ap-aýdyňdygyny pikir etýän zatlarymyzy täzeden gözden geçirmelidiris. Reforma ýa-da üýtgetmek bilen baglanşykly iň uly mesele umumy duýgynyň şertsiz kabul edilmegidir. Adamlar bir zady kabul ederler sebäbi olar "Bu iş başga görnüşde edilmez çünki bu hemişe şeyle edildi" diýerler. Geçen bir gün Abraham Linkolnyň ajaýyp sözüne gabat geldim, bu ýerde ondan bir çykarma etsem göwnüňizden turar diýip pikir edýärin, şeýle dälmi? (Gülüşmeler) Muny 1862-iň Dekabrynda kongresiň ikinji ýyllyk ýygnagynda aýdypdyr. Ýöne şuny boýnuma alýan, ol wagtlar nämeler bolup geçýändigi barada hiç pikrim ýok. çünki biz Angiliýada Amerikanyň taryhyny okatmaýarys. (Gülüşmeler) Ýörite gizleýäris, syýasatymyz şeýle. (Gülüşmeler) Borla, 1862-de dogurdanam örän möhüm zatlar bolýardy aramyzdaky Amerikalylar bilerler. Şeýle diýipdir: "Asuda geçmişiň doguşlary tupanly bugün üçin ýetersizdir. Bir ýagdaý şertler kynlaşdykça aşylmagy kyn ýagdaýa gelip biler, onda biz bu kynçylyklaryň üstine çykyp bu ýagdaýy aşmalydyrys. Men bu garaýyşa haýran galdym. Bir ýagdaýyň hötdesinden, kynçylyklardan gaçyp dälde olary ulanyp gelmek. "Biziň dawamyz täze, diýmek täze düşünjelerimiz bolmaly we hereketlerimizde täze bolmaly. Özümizi azat etmelidiris diňe şonda soňra öz ýurdymyzy halas edip bileris." "Azat etmek" bu söze haýran. Näme diýmekdigini bilýänizmi? Tussagy bolan pikirlerimiz bar diýmek hemişe bolandygyny we boljagyny kabul eden öz ugurly gidişiň bölegi hasaplaýan pikirlerimiz. Pikirlerimiziň köpüsi içinde bolan asyrmyzyň şertlerine görä döremedik tersine geçen asyrlaryň meselelerini çözmek üçin ýüze çykandyrlar. Emma zehinlerimiz häzirem bu düşünjelere gipnoz edilen. Bu düşünjelerden özümizi azat etmelidiris. Muny etmegi aýtmak elbette etmekden has aňsat. Bu ýagdaýda nämani soragsyz kabul edýändigimizi bilmek örän kyndyr. Munuň sebäbide soraglamazlygymyzdyr. Mysal bermek üçin size bir sorag soraýyn Bu zaldaky näçe kişi 25 ýaşynyň üstinde? Soraglamazdan kabul edýän zadyňyz bu däl. Bu hakykady bilýändigiňizi bilýän. Bärde 25 ýaşyň aşagynda kimdir biri barmy? Örän gowy, Indi, 25-iň üstinde bolanlar, goşar sagadynyz bar bolsa eliňizi galdyryp bilermisiniz? Örän köp sanda şeýle dämi? Birem bu zal dolysy okuwçylara soraň bu soragy. Ol ýaşda ýaşlaryň köpüsi sagat dakynmaýar. Dakmazlar ýa-da dakmaklaryna rugsat edilmez diýýemmok. köplenç diňe dakmazlygy saýlaýarlar. Munuň sebäbi, biziň, ýagy 25 üstindäkileriň, digital öňündäki bir dünýäde ulalan bolmagymyz. Biz wagty bilmek üçin wagty bize görkezjek bir gurala mätäçlik duýýarys. Çagymyzyň çagalary digital dünýäde ýaşaýarlar, we olar üçin wagt her ýerde. Yzarlamak üçin aýratyn bir gurala mätaçlikleri ýok. Hä, siziňde ýok. diňe muny hemişe edendigiňiz üçin endik bolupdyr. Gyzym Keýt, 20 ýaşynda, hiç sagat dakynanok. Gereksiz görýär. "Ýeke funksiýaly gural bu" diýýar. (Gülüşmeler) "Iç gysgynç." "Ýok ýok!" diýýärin. "Senänide görkezýär." (Gülüşmeler) "Birden köp aýratynlygy bar." Aý bolýar görýänizä, okuw temasynda tussagy bolan düşünjelerimiz bar. Bir näçe mysal getirmegime rugsat ediň Bulardan biri çyzgylylyk pikri, bir ýerden başlarsyňyz, bir ýoly yzarlarsyňyz, we eger hemme zady dogry eden bolsaňyz, durmuşyňyzyň soňunda durmyşyňyzy gowy bir ýere oturdan bolarsyňyz. TED-de gürlän hemme kişi bize gizlin-gizlin kä wagtda açyk-açyk şuny diýdi, durmuş çyzgyly däldir, organikdir. Durmyşlarymyzy simbiotik bolup ukyplarmyzy ýüze çykarjak hadysa we ýagdaýlara bagly edip emele getireris. Eger bilýän bolsaňyz çyzgyly düşündirişi kellämizde müdimi hala getiripdiris. Okuwyň çür depesi uniwersitede girmek. Çaklaýyşyma görä adamlary üniwersitede salmagy hem kellämizde müdimi hala getirdik, iň azyndan käbir görüş uniwersitetlere. Uniwersitede gitmäň diýýemmok, ýöne herkimiň gitmegine zerurlyk ýok. Ýa-da herkimiň derrew gitmegine zerurlyk ýok. Belki soňra gidip bilerler, derrew däl. Bir näçe wagt öň San Fransiskodadym kitaba gol çekmek üçin. 30 ýaşlarynda bir adam bir kitap satyn alýardy. Näme iş etýändigini soradym? Maňa ýangyn söndürijidigini aýtdy. Haçandan bäri ýangyn söndürijidigini soradym. "Hemişe." diýip jogap berdi. Bu käri saýlamaga haçan karara gelendigini soradym. "Çagakam" diýdi. "Hatda okuwda bu sebäpden kynçylyk çekdim sebabi okuwda hemme kişi ýangyn söndüriji bolmak isleýardi." "Emma men çynym bilen ýangyn söndüriji bolmak isleýärdim." "Mekdebiň soňky synpyna gelenimde, mugallymlarym maňa ähmiýet bermeýärdiler. Hasam bir mugallym bardy, ol hiç ähmiýet bermeýärdi. Maňa eger hemme etmek islegim bu bolsa durmuşymy çöpe atýandygymy aýtdy. Uniwersitede gitmelidigimi, bir hünärmen bolmagymy örän potensialymyň bardygyny we özümi biderek zatlara harç edýändigimi aýtdy." "Abraýym gaçdy çünki bulary bütin synpyň öňünde aýtdy. Çyndanam gorkunç duýdym. Ýöne meniň islegim şudy onuň üçin menem okuwy taşladym. Ýangyn howpsuzlygyna ýüz tutdym we kabul edildim." Soňra dowam etdi, "Bilýänizmi, edil siz bu temany açmazyňyzdan ozal ol mugallymy pikir edýärdim." "Çünki 6 aý ýaly öň, onuň janyny halas etdim." (Gülüşmeler) "Bir ulag heläkçiligine uçurapdy" diýdi. "we men ony ulagdan çykardym, ilkinji kömegi etdim, we janyny halas etdim." "Indi men baradaky pikirleri bir neme bolsada gowylaşandyr." (Gülüşmeler) (El çarpyşmalar) Bilýänizmi, meniň pikirimçe bir jemgyýetde näçe köp görnüş ukyplylaryň bolandygy möhüm, bir zady näçe kişiniň edip bilmegi däl. We öňümizdäki kynçylyklaryň kalbynda (El çarpyşmalar) Öňümizdäki kynçylyklaryň kalbynda başarjaňlygymyzy we zehinimizi täzeden kesgitlemegimiz ýatyr. Bu çyzglylyk işi bir problemadyr. 9 ýyl öň Los Angelse gelenimde örän gowy maksatly syýasy jümlä gabat geldim. şeýle diýýärdi, "Uniwersitet çagalar bagynda başlaýar." Ýok, başlamaýar. (Gülüşmeler) Başlamaz. Eger wagtymyz bolsady dowam ederdim, ýöne ýok. (Gülüşmeler) Çagalar bagy çagalar bagynda başlaýar. (Gülüşmeler) Bir dostym bir gezek şeýle diýipdi, "3 ýaşynda bir çaga, 6 ýaşyndaky bir çagaň ýarysy däldir." (Gülüşmeler) (El çarpyşmalar) 3 ýaşyndadyr. Emma şu soňky gürrüňlerde eşdişimiz ýaly çagalar bagyna gitmek üçin örän köp bäsleşik bar göni çagalar bagyna gitmek üçin indi 3 ýaşyndaky çagalar gürrüňdeşlige alynýarlar. Hondan bari bolup oturanlaryň öňünde bir çaga pikir ediň öňünde özüniň geçmişi, (Gülüşmeler) Barlagçylar sahypalary geçirip, "Hany bary şumy?" (Gülüşmeler) (El çarpyşmalar) "36 aýdan bäri ýaşaýaň, barmy şu?" (Gülüşmeler) "Hiç bir zat başarmansyň. elbette birinji 6 aýy süýt emip geçiripsiň." (Gülüşmeler) Görýänizä, düşünje manysyz biderek ýöne adamlary özüne çekýär. Bir başga uly meselede äheň. Okuw sistemlararymyzy tiz tagam nusgasyna görä taýýarlapdyrys. Jamie Oliwer bu tema deginipdi öňki gün. Katering hil ynamça sistemasynda 2 nusga bardyr. Bularyň biri bolan tiz tagam nusgasynda hemme zat standartdyr. Beýleki nusga Zagat we Mişelin ýaly restoranlardyr. bularda hiç zat standart däldir. Hemme zat ol wagtky ýagdaýa görä aýratyn taýýarlanar. Okuw düýäsi bizler özümizi tiz tagam nusgasyna laýyk görýäris. we bu çemeleşme ruhymyzy we güýjimizi tüketýär edil tiz tagamlaryň saglygymyzy tükedişi ýaly. (El çarpyşmalar) Bu ýerde bir näçe nokada üns bermeli biz. Birinjiden ynsan ukyplary düýpgöter bir birinden tapawutly bolýar. Ynsanlaryň tapawutly meýilleri bardyr. Öňüräk düşündim men çagakam Erik Klapton bilen bir wagtda maňada gitara berilipdi. Aýtjak bolýanyma düşündiňiz. Erigiň biýjesi şowly boldy. (Gülüşmeler) Näme üçindir men onuň ýaly başarnykly bolmadym. Näçe synanyşsamam guraly çalyp bilmedim emma ýygy-ýygydan we joşgun bilen üflärdim. Näme üçindir bolmady. Diňe olam däl. Işiň birazam hyjuw bilen baglanşygy bar. Köplenç, adamlar üns bermedikleri işleri has gowy ederler. Hyjuw bilen baglanşykly, ruhymyzy we güýjimizi tolgundyrmasy bilen. Eger söýýän we gowy etýän işiňizi etýän bolsanyz wagtam üýtgeşik geçer. Aýalym, gysga wagt öň ýazýan romanyny tamamlady. Meniň pikirimçe ajaýyp kitap, bir başlasa sagatlap ýitirim bolýardy. Söýýän işiňizi edenizde 1 sagat 5 minut ýaly bolar. Ruhyňyza ters gelýän işi edeňizde welin 5 minut sagatlar ýaly uzyn geler. Munça ýaş adamlaryň okuwdan umydyny ýitirmeginiň sebäbi ruhlaryny iýmitlendirmeýändikleri. Energiýalaryny, hyjuwlaryny iýmitlendirmeýärler. Meniň pikirimçe meňzetmeleri üýtgetmeli. Meniň pikirimçe senagat nusgasy, önümçilik nusgasy çyzgylylyga daýanýar sazlaşyk görkezmäge, adamlary toparlamaga daýanýan okuw sistemasyndan el çekmelidiris. Täze bir nusga, oba hojalyk kadalaryna daýanýan bir nusga geçmelidiris. Adam ösüşiniň mehaniki proses däldigini organiki prosesdigini bilýän bir nusga geçmelidiris. Adam ösüşiniň netijesini çaklap bilmeris. Diňe bir daýhanyň önümlerini seredişi ýaly sagdyn ösüşiň bolmagy üçin ideal şertleri döredip bileris. Ýagny tema okuw reformasy we üýtgedilişi bolansoň başga bir sistemany göçürip bilmeris. KIPPS ýaly aýajyp nusgallar bar mysal üçin. Hakykatdanam ajaýyp sistema. Bir topar ajaýyp nusga bar. Emma möhüm bolan öz şertlerimize görä meňzetmek we okuwy okuwça görä aýratynlaşdyrmak. Meniň pikirimçe gelejek üçin gerekli çözgüt ynha şudyr. Sebäbi ätiýaja görä bir ýamama däl; okuwda hereketlenmeden söz etýäris. Okuwçynyň öz çözgütlerini döretjegi, şahsy ders programmasyna daýanýan ýöne daşaradan kömek edilýän bir nusgadan. Şu wagt bu zaldaky adamlar iş dünýäsiniň multimediýanyň, internediň ynynylmaz çeşmelerine wekilçilik etýärler. Bu tehnologiýalar, mugallymlaryň ajaýyp ukyplary bilen birleşende okuw sistemasynda rewolisýa etmek üçin pursat döreýär. Sizi bu temada rol almaga çagyrýaryn çünki bu tema örän möhüm, diňe bizler üçin däl, çagalarymyz üçin. Emma senagat nusgasyndan el çekmegimiz, oba hojalyk nusgasyna geçmegimiz gerekli. soňra mekdepler kämilleşsin. Çünki ol mekdepler, çagalarmyzyň durmuşy tejribe etjek ýerleridir. Ýa-da öýlerimiz, eger çaga maşgalasy ýa-da dostlary bilen öýde okamak isleýän bolsa. Soňky günlerde hyýallar hakda köp gürleşdik. Örän gysga görnüşde aýtmak isleýärin -- Nataliýa Mörçantyň öňki goşgulary ulanan aýdymlary mende örän täsir galdyrdy düýn gije. Size derrew, gysga bir goşgy okamak isleýärin W.B. Ýetsden, belki tanaýansynyzdyr. Muny söýgülisine, Maud Gonna ýazypdyr, Oňa isleýän zatlary diýip pikir etýänlerini bermedigi üçin, dertlenýän ekeni. Ol diýýar, "Bir zada eýedirin, emma seniň üçin dogry zat bolman biler bu." Şeýle aýtýar: "Jennet işli matalarym bolsady, altyn we kümüş reňklerde ýazylgy, Gök we ýitgili we goýy reňk matalary gijäniň, ýagtylygyň we alagaraňkynyň. Aýaklaryň astynda sererdim. Emma garypdyryn, we diňe hyýallarym bar; Menem hyýallarymy serýärin aýaklaryň astyna; Emaý bilen bas çünki hyýallarymyň üsütine basýarsyň." Her gün, her ýerde, çagalarymyz hyýallaryny aýaklarymyzyň astyna serýärler. We bizem emaý bilen basmalydyrys. Sag boluň. (El çarpyşmalar) Köp sagboluň.