Men bärde 4 ýyl mundan ozal bolupdym
we şol wagtlar
bu gürrüňler internede goýulmaýardy.
Meň pikirimçe TED-lilere bir gutyň
içinde berilýärdi
bir DVD gutysynda.
Bu gutyny tekjelere goýýardylar, häzir
hem şol ýerinde durýandyr.
(Gülüşmeler)
Hatda Kris maňa jaň edende
gürrüňümden 1 hepde soňrady
maňa şeýle diýdi "Gürrüňleri internede
goýýarys.
Seniňkileri hem goýup bilerismi?" Menem
"elbette" diýdim.
We 4 ýyl soňra
aýdyşym ýaly, gürrüňe tomaşa eden adam
sany 4 ...
Neme, aslynda 4 miliýon gezek ýüklenipdir
bu wideo.
Ýagny bu sany 20-ä köpeltsek ýa-da şoňa
ýakyn sana
takmynan wideoýa tomaşa eden adam sany
taparys.
Diýmek Krisiň aýdyşy ýaly, adamlar meni
wideoda görmäge teşne ekenler.
(Gülüşmeler)
(El çarpyşmalar)
...sizem şeýle duýaňzokmy?
(Gülüşmeler)
Ýagny, bütin bu tertip meniň size ýene
bir gürrüň etmegim üçin
taýýarlanan bir oýun. Ynha baş üstüne.
(Gülüşmeler)
4 ýyl öň Al Gor
TED konferensiýasynda çykyş edipdi.
we klimat krizisinden söz edipdi.
Soňky gürrüňümiň soňunda
onuň sözlerine deginipdim.
Galan ýerimden dowam edeýin
näme etsemem şol wagt diňe 18 minudym
bardy.
Nirede galypdyk...
(Gülüşmeler)
Mamlady
Möhüm bir krizisiň bardygy gün ýüzündedi.
Muňa ynanmaýanlara biraz köpüräk köçä
çykmaklaryny maslahat berýärin.
(Gülüşmeler)
Ýöne men ýene bir klimat krizisiniň
bardygyna ynanýaryn
birinjisi ýaly ýowuz,
we çykyş sebäbi deň
we bu krizisede deň gyssaglykda
çemeleşmelidiris.
Diýmek isleýänim --
bu ýagdaýda
"Seret, başymyzda bir krizis bar
ikinji birine ätiýajym ýok" diýip
bilersiňiz.
Ýöne bu krizis, tebigy sebäplerden däl
ynanjyma görä
ynsan çeşmeli bir krizis.
Meniň pikirimçe, esasynda,
soňky günlerde köp çykyş edijiniň aýdyşy
ýaly
ukyplarymyzy örän netijesiz
ulanýarys.
Birnäçe adam durmuşyny
ukyplarynyň nämedigini bilmän geçirýär,
ýada bir ukybynyň bardygyndan hem
habarsyz.
Birnäçe adam bilen tanyşýan
özleriniň gowy edýän hiç işleriniň
ýokdygyny çaklaýarlar.
Men dünýäni 2 topara bölýärin.
Žeremi Bentam, beýik peýdaçy filozof
bir gezek şeýle bir jedel başladypdy.
Şeýle diýipdi, "Dünýäde 2 görnüş
ynsan bar,
dünýädäki ynsanlary ikä bölýänler
we bölmeýänler."
(Gülüşmeler)
Men bölýänlerden.
(Gülüşmeler)
Bir topar adam bilen tanyşýan
edýän işlerini söýenoklar.
Durmuşlaryny ýaşmaly
diýip ýaşaýarlar.
Edýän işlerinden lezzet almaýarlar.
Lezzet almak ýerine, ol işe sabyr edýärler
we hepde soňuna garaşýarlar.
Emma başga adamlar bilen hem tanyşýaryn
edýän işlerini söýýärler
we başga iş etmegi pikirem edenoklar.
Olara "Indi bu işi etme" diýseňiz,
"Sen näme diýýäniňi bilýäňmi?"
diýip sorarlar. Sebäbi edýänleri iş
däl-de olaryň kişiligidir.
"Emma bu men." diýerler.
"Iň köp özüm ýaly duýmagymy üpjin edýän
işden aýrylmak samsyklyk bolar."
Gynansakda bu ýagdaý ýeterlik adam üçin
degişli däl.
Aslyna seredeňde, meniň pikrimçe
düýp göter tersi
gaty az adama degişli.
Meniň pikrimçe munyň birnäçe
düşündürilişi bolup biler.
Bulardan iň ýokarda bolany
okuw,
sebäbi okuw adamlary
tebigy ukyplaryndan
uzaklaşdyryp biler.
Ynsan ukyplary, tebigy çeşmeler ýalydyr
köplenç has çuňluklarda gömülgidir.
Gowy edip gözlemek gerek.
Töwerekde, üst ýüzünde durmazlar.
Ýüze çykyp biljekleri ýagdaýyň
taýýarlanmasy gerekli.
Çak edip biljegiňiz ýaly
munuň ýoly okuwdan geçmelidir.
Ýöne köplenç geçmez.
Dünýädaki ähli okuw sistemalary
şuwagt reforma içinde.
Ýöne bu ýeterli däl.
Reforma indi ýeterlik çözgüt däl
sebäbi reforma diýmek döwük bir nusgany
bejermek diýmekdir.
Gerekli bolan --
dogry bu gep soňky wagtlarda köp ulanylýan
boldy özä--
okuwyň ewolusiýa geçirmegi diýmek däldir,
gerekli bolan okuwyň rewolusiýasydyr.
Indi okuw öz halyndan
başga bir hala geçmelidir.
(El çarpyşmalar)
Iň uly kynçylyklaryň biri
okuwyň esasynda
täzeçileşdirmekdir.
Täzelik kyndyr
sebäbi adamlar öwrenişmekde kynçylyk
çekjekler
täze bir zatlar etmeli bolarlar.
Dogry diýýan zatlarymyzy derňemegimizi
gerekli,
ap-aýdyňdygyny pikir etýän zatlarymyzy
täzeden gözden geçirmelidiris.
Reforma
ýa-da üýtgetmek bilen baglanşykly iň uly
mesele
umumy duýgynyň şertsiz kabul edilmegidir.
Adamlar bir zady kabul ederler sebäbi olar
"Bu iş başga görnüşde edilmez çünki bu
hemişe şeyle edildi" diýerler.
Geçen bir gün Abraham Linkolnyň ajaýyp
sözüne gabat geldim,
bu ýerde ondan bir çykarma etsem
göwnüňizden turar diýip pikir edýärin,
şeýle dälmi?
(Gülüşmeler)
Muny 1862-iň Dekabrynda
kongresiň ikinji ýyllyk ýygnagynda
aýdypdyr.
Ýöne şuny boýnuma alýan, ol wagtlar
nämeler bolup geçýändigi barada
hiç pikrim ýok.
çünki biz Angiliýada Amerikanyň
taryhyny okatmaýarys.
(Gülüşmeler)
Ýörite gizleýäris, syýasatymyz şeýle.
(Gülüşmeler)
Borla, 1862-de dogurdanam örän möhüm
zatlar bolýardy
aramyzdaky Amerikalylar
bilerler.
Şeýle diýipdir:
"Asuda geçmişiň
doguşlary
tupanly bugün üçin ýetersizdir.
Bir ýagdaý
şertler kynlaşdykça aşylmagy kyn
ýagdaýa gelip biler,
onda biz bu kynçylyklaryň üstine çykyp bu
ýagdaýy aşmalydyrys.
Men bu garaýyşa haýran galdym.
Bir ýagdaýyň hötdesinden, kynçylyklardan
gaçyp dälde olary ulanyp gelmek.
"Biziň dawamyz täze,
diýmek täze düşünjelerimiz bolmaly
we hereketlerimizde täze bolmaly.
Özümizi azat etmelidiris
diňe şonda soňra öz ýurdymyzy halas
edip bileris."
"Azat etmek" bu söze haýran.
Näme diýmekdigini bilýänizmi?
Tussagy bolan pikirlerimiz bar diýmek
hemişe bolandygyny we boljagyny kabul eden
öz ugurly gidişiň bölegi hasaplaýan
pikirlerimiz.
Pikirlerimiziň köpüsi
içinde bolan asyrmyzyň şertlerine görä
döremedik
tersine geçen asyrlaryň meselelerini
çözmek üçin ýüze çykandyrlar.
Emma zehinlerimiz häzirem bu düşünjelere
gipnoz edilen.
Bu düşünjelerden özümizi azat etmelidiris.
Muny etmegi aýtmak elbette etmekden
has aňsat.
Bu ýagdaýda nämani soragsyz kabul
edýändigimizi bilmek örän kyndyr.
Munuň sebäbide soraglamazlygymyzdyr.
Mysal bermek üçin size bir sorag soraýyn
Bu zaldaky näçe kişi 25 ýaşynyň üstinde?
Soraglamazdan kabul edýän zadyňyz bu däl.
Bu hakykady bilýändigiňizi bilýän.
Bärde 25 ýaşyň aşagynda kimdir biri barmy?
Örän gowy, Indi, 25-iň üstinde bolanlar,
goşar sagadynyz bar bolsa eliňizi
galdyryp bilermisiniz?
Örän köp sanda şeýle dämi?
Birem bu zal dolysy okuwçylara soraň
bu soragy.
Ol ýaşda ýaşlaryň köpüsi sagat dakynmaýar.
Dakmazlar ýa-da dakmaklaryna rugsat
edilmez diýýemmok.
köplenç diňe dakmazlygy saýlaýarlar.
Munuň sebäbi, biziň, ýagy 25
üstindäkileriň,
digital öňündäki bir dünýäde ulalan
bolmagymyz.
Biz wagty bilmek üçin
wagty bize görkezjek bir gurala
mätäçlik duýýarys.
Çagymyzyň çagalary digital dünýäde
ýaşaýarlar,
we olar üçin wagt her ýerde.
Yzarlamak üçin aýratyn bir gurala
mätaçlikleri ýok.
Hä, siziňde ýok.
diňe muny hemişe edendigiňiz üçin
endik bolupdyr.
Gyzym Keýt, 20 ýaşynda, hiç sagat
dakynanok.
Gereksiz görýär.
"Ýeke funksiýaly gural bu" diýýar.
(Gülüşmeler)
"Iç gysgynç."
"Ýok ýok!" diýýärin. "Senänide görkezýär."
(Gülüşmeler)
"Birden köp aýratynlygy bar."
Aý bolýar görýänizä, okuw temasynda
tussagy bolan düşünjelerimiz bar.
Bir näçe mysal getirmegime rugsat ediň
Bulardan biri çyzgylylyk pikri,
bir ýerden başlarsyňyz, bir ýoly
yzarlarsyňyz,
we eger hemme zady dogry eden bolsaňyz,
durmuşyňyzyň soňunda
durmyşyňyzy gowy bir ýere oturdan
bolarsyňyz.
TED-de gürlän hemme kişi bize
gizlin-gizlin
kä wagtda açyk-açyk şuny diýdi,
durmuş çyzgyly däldir, organikdir.
Durmyşlarymyzy simbiotik bolup
ukyplarmyzy ýüze çykarjak
hadysa we ýagdaýlara bagly edip emele
getireris.
Eger bilýän bolsaňyz
çyzgyly düşündirişi kellämizde
müdimi hala getiripdiris.
Okuwyň çür depesi
uniwersitede girmek.
Çaklaýyşyma görä adamlary üniwersitede
salmagy hem
kellämizde müdimi hala getirdik,
iň azyndan käbir görüş uniwersitetlere.
Uniwersitede gitmäň diýýemmok, ýöne
herkimiň gitmegine zerurlyk ýok.
Ýa-da herkimiň derrew gitmegine zerurlyk
ýok.
Belki soňra gidip bilerler, derrew däl.
Bir näçe wagt öň San Fransiskodadym
kitaba gol çekmek üçin.
30 ýaşlarynda bir adam bir kitap satyn
alýardy.
Näme iş etýändigini soradym?
Maňa ýangyn söndürijidigini aýtdy.
Haçandan bäri ýangyn söndürijidigini
soradym.
"Hemişe." diýip jogap berdi.
Bu käri saýlamaga haçan karara gelendigini
soradym.
"Çagakam" diýdi. "Hatda okuwda bu
sebäpden kynçylyk çekdim
sebabi okuwda hemme kişi ýangyn
söndüriji bolmak isleýardi."
"Emma men çynym bilen ýangyn söndüriji
bolmak isleýärdim."
"Mekdebiň soňky synpyna gelenimde,
mugallymlarym maňa ähmiýet bermeýärdiler.
Hasam bir mugallym bardy, ol hiç ähmiýet
bermeýärdi.
Maňa eger hemme etmek islegim bu bolsa
durmuşymy çöpe atýandygymy aýtdy.
Uniwersitede gitmelidigimi, bir hünärmen
bolmagymy
örän potensialymyň bardygyny
we özümi biderek zatlara harç edýändigimi
aýtdy."
"Abraýym gaçdy çünki
bulary bütin synpyň öňünde aýtdy.
Çyndanam gorkunç duýdym.
Ýöne meniň islegim şudy onuň üçin menem
okuwy taşladym.
Ýangyn howpsuzlygyna ýüz tutdym we kabul
edildim."
Soňra dowam etdi, "Bilýänizmi, edil siz
bu temany açmazyňyzdan ozal
ol mugallymy pikir edýärdim."
"Çünki 6 aý ýaly öň,
onuň janyny halas etdim."
(Gülüşmeler)
"Bir ulag heläkçiligine uçurapdy" diýdi.
"we men ony ulagdan çykardym, ilkinji
kömegi etdim,
we janyny halas etdim."
"Indi men baradaky pikirleri bir neme
bolsada gowylaşandyr."
(Gülüşmeler)
(El çarpyşmalar)
Bilýänizmi, meniň pikirimçe
bir jemgyýetde
näçe köp görnüş ukyplylaryň bolandygy
möhüm,
bir zady näçe kişiniň edip bilmegi däl.
We öňümizdäki kynçylyklaryň kalbynda
(El çarpyşmalar)
Öňümizdäki kynçylyklaryň kalbynda
başarjaňlygymyzy we zehinimizi
täzeden kesgitlemegimiz ýatyr.
Bu çyzglylyk işi bir problemadyr.
9 ýyl öň
Los Angelse gelenimde
örän gowy maksatly syýasy jümlä gabat geldim.
şeýle diýýärdi, "Uniwersitet çagalar
bagynda başlaýar."
Ýok, başlamaýar.
(Gülüşmeler)
Başlamaz.
Eger wagtymyz bolsady dowam ederdim,
ýöne ýok.
(Gülüşmeler)
Çagalar bagy çagalar bagynda başlaýar.
(Gülüşmeler)
Bir dostym bir gezek şeýle diýipdi,
"3 ýaşynda bir çaga, 6 ýaşyndaky bir çagaň
ýarysy däldir."
(Gülüşmeler)
(El çarpyşmalar)
3 ýaşyndadyr.
Emma şu soňky gürrüňlerde eşdişimiz ýaly
çagalar bagyna gitmek üçin örän köp
bäsleşik bar
göni çagalar bagyna gitmek üçin
indi 3 ýaşyndaky çagalar gürrüňdeşlige
alynýarlar.
Hondan bari bolup oturanlaryň öňünde
bir çaga pikir ediň
öňünde özüniň geçmişi,
(Gülüşmeler)
Barlagçylar sahypalary geçirip, "Hany bary
şumy?"
(Gülüşmeler)
(El çarpyşmalar)
"36 aýdan bäri ýaşaýaň, barmy şu?"
(Gülüşmeler)
"Hiç bir zat başarmansyň.
elbette birinji 6 aýy süýt emip
geçiripsiň."
(Gülüşmeler)
Görýänizä, düşünje manysyz biderek ýöne
adamlary özüne çekýär.
Bir başga uly meselede äheň.
Okuw sistemlararymyzy
tiz tagam nusgasyna görä taýýarlapdyrys.
Jamie Oliwer bu tema deginipdi öňki gün.
Katering hil ynamça sistemasynda 2
nusga bardyr.
Bularyň biri bolan tiz tagam nusgasynda
hemme zat standartdyr.
Beýleki nusga Zagat we Mişelin ýaly
restoranlardyr.
bularda hiç zat standart däldir.
Hemme zat ol wagtky ýagdaýa görä aýratyn
taýýarlanar.
Okuw düýäsi bizler özümizi tiz tagam nusgasyna
laýyk görýäris.
we bu çemeleşme ruhymyzy we güýjimizi
tüketýär
edil tiz tagamlaryň saglygymyzy tükedişi
ýaly.
(El çarpyşmalar)
Bu ýerde bir näçe nokada üns bermeli biz.
Birinjiden ynsan ukyplary düýpgöter bir
birinden tapawutly bolýar.
Ynsanlaryň tapawutly meýilleri bardyr.
Öňüräk düşündim
men çagakam
Erik Klapton bilen bir wagtda maňada
gitara berilipdi.
Aýtjak bolýanyma düşündiňiz. Erigiň
biýjesi şowly boldy.
(Gülüşmeler)
Näme üçindir men onuň ýaly başarnykly
bolmadym.
Näçe synanyşsamam guraly çalyp bilmedim
emma ýygy-ýygydan we joşgun bilen
üflärdim.
Näme üçindir bolmady.
Diňe olam däl.
Işiň birazam hyjuw bilen baglanşygy bar.
Köplenç, adamlar üns bermedikleri işleri
has gowy ederler.
Hyjuw bilen baglanşykly,
ruhymyzy we güýjimizi tolgundyrmasy
bilen.
Eger söýýän we gowy etýän işiňizi etýän
bolsanyz
wagtam üýtgeşik geçer.
Aýalym, gysga wagt öň ýazýan romanyny
tamamlady.
Meniň pikirimçe ajaýyp kitap,
bir başlasa sagatlap ýitirim bolýardy.
Söýýän işiňizi edenizde
1 sagat 5 minut ýaly bolar.
Ruhyňyza ters gelýän işi edeňizde welin
5 minut sagatlar ýaly uzyn geler.
Munça ýaş adamlaryň okuwdan umydyny
ýitirmeginiň sebäbi
ruhlaryny iýmitlendirmeýändikleri.
Energiýalaryny, hyjuwlaryny
iýmitlendirmeýärler.
Meniň pikirimçe meňzetmeleri üýtgetmeli.
Meniň pikirimçe senagat nusgasy,
önümçilik nusgasy
çyzgylylyga daýanýar
sazlaşyk görkezmäge, adamlary toparlamaga
daýanýan
okuw sistemasyndan el çekmelidiris.
Täze bir nusga,
oba hojalyk kadalaryna daýanýan bir
nusga geçmelidiris.
Adam ösüşiniň
mehaniki proses däldigini
organiki prosesdigini bilýän bir
nusga geçmelidiris.
Adam ösüşiniň netijesini çaklap bilmeris.
Diňe bir daýhanyň önümlerini seredişi ýaly
sagdyn ösüşiň bolmagy üçin
ideal şertleri döredip bileris.
Ýagny tema okuw reformasy we üýtgedilişi
bolansoň
başga bir sistemany göçürip bilmeris.
KIPPS ýaly aýajyp nusgallar bar mysal
üçin. Hakykatdanam ajaýyp sistema.
Bir topar ajaýyp nusga bar.
Emma möhüm bolan öz şertlerimize görä
meňzetmek
we okuwy okuwça görä
aýratynlaşdyrmak.
Meniň pikirimçe gelejek üçin gerekli
çözgüt
ynha şudyr.
Sebäbi ätiýaja görä bir ýamama däl;
okuwda hereketlenmeden söz etýäris.
Okuwçynyň öz çözgütlerini döretjegi,
şahsy ders programmasyna daýanýan ýöne
daşaradan kömek edilýän bir nusgadan.
Şu wagt bu zaldaky
adamlar
iş dünýäsiniň
multimediýanyň, internediň ynynylmaz
çeşmelerine wekilçilik etýärler.
Bu tehnologiýalar,
mugallymlaryň ajaýyp ukyplary bilen
birleşende
okuw sistemasynda rewolisýa etmek üçin
pursat döreýär.
Sizi bu temada rol almaga çagyrýaryn
çünki bu tema örän möhüm, diňe bizler üçin
däl,
çagalarymyz üçin.
Emma senagat nusgasyndan el çekmegimiz,
oba hojalyk nusgasyna geçmegimiz gerekli.
soňra mekdepler kämilleşsin.
Çünki ol mekdepler, çagalarmyzyň durmuşy
tejribe etjek ýerleridir.
Ýa-da öýlerimiz, eger çaga maşgalasy ýa-da
dostlary bilen
öýde okamak isleýän bolsa.
Soňky günlerde hyýallar hakda
köp gürleşdik.
Örän gysga görnüşde aýtmak isleýärin --
Nataliýa Mörçantyň öňki goşgulary ulanan
aýdymlary
mende örän täsir galdyrdy düýn gije.
Size derrew, gysga bir goşgy okamak
isleýärin
W.B. Ýetsden, belki tanaýansynyzdyr.
Muny söýgülisine,
Maud Gonna ýazypdyr,
Oňa isleýän zatlary diýip pikir
etýänlerini bermedigi üçin,
dertlenýän ekeni.
Ol diýýar, "Bir zada eýedirin, emma seniň
üçin dogry zat bolman biler bu."
Şeýle aýtýar:
"Jennet işli matalarym bolsady,
altyn we
kümüş reňklerde ýazylgy,
Gök we ýitgili
we goýy reňk matalary
gijäniň, ýagtylygyň we alagaraňkynyň.
Aýaklaryň astynda sererdim.
Emma garypdyryn,
we diňe hyýallarym bar;
Menem hyýallarymy serýärin aýaklaryň
astyna;
Emaý bilen bas
çünki hyýallarymyň üsütine basýarsyň."
Her gün, her ýerde,
çagalarymyz hyýallaryny aýaklarymyzyň
astyna serýärler.
We bizem emaý bilen basmalydyrys.
Sag boluň.
(El çarpyşmalar)
Köp sagboluň.