Bugün, adamlaryñ ÿarysyndan köpüsi şäher sebitlerinde ÿaşaÿar. şu asyryñ ortalarynda, bu 70% köpeler. Ÿöne 100 ÿyl mundan öñem, bary-ÿogy 10-dan 2-si şäherde ÿaşaÿardy ondan öñ bolsa, ondanam azdy. Nädip bu derejedäki urbanizasiÿa ÿetipdiris? we gelejegimiz üçin bu näme añlatÿar? Adamçylygyñ ilkinji döwürlerinde, adamlar awçy-toplaÿjylardy, iÿmit gözleginde göçüp-gonup ÿörüpdirler. Emma 10 müñ ÿyl mundan öñ ata-babalar haÿwanlary öÿdekileşdirmegiñ we ekerançylygyñ usullaryny öwrenip başlapdyrlar Taryhda ilkinji gezek, adamlar iÿmiti gözläp tapman, ösdürip başladylar, bu bolsa öz gezeginde ÿarym-oturumly obalaryñ döremegine getirdi "Näme üçin diñe ÿarym-otyrymly?” diÿip sorarsyñyz. Ilki başda, obalar topragyñ guraklaşmagy sebäpli her birnäçe ÿyldan göçmelidiler Diñe suwarma we toprak sürme ÿaly usullaryñ özgermegi bilen, takmynan 5 müñ ÿyl mundan öñ, durnukly we uzak möhletleÿin iÿmit üpçünçiligi sebäpli, doly oturumlulyk mümkin boldy. Täze usullaryñ iÿmiti artdyryp başlamagy sebäpli, herkimiñ ekerançylyk etmek zerurlygy aÿyryldy. Bu bolsa, ÿöriteleşdirilen söwdanyñ ösmegine yz-ÿanam, şäherleriñ gelip çykmagyna getirdi. Indi, şäherlerde iÿmitiñ agdyklyk etmegi bilen, şeÿlede gurallaryñ, esbaplaryñ, we başgada harytlaryñ köpelmegi bilen, has uzak aralykdan söwda we ara-gatnaşyga mümkinçilik döredi. Söwda ösdügiçe, ony añsatlaşdyryjy tehnologiÿalar hem köpeldi. Ÿagny arabalar, gämiler, ÿollar we portlar. Elbetde, bu zatlary dolandyrmak üçin hasda köp iş güjüni talap etdi. Bu sebäpli hem obalardan, mümkinçilik we iş ÿer köpelmegi bilen, hasda köp adam şäherlere çekildi. Siz häzirki şäherler dyknyşyk görseñiz, (asyrdan öñ) 2 müñinji ÿyllarda käbir şäherleriñ ilat dyknyşyklygy, Şanhaÿ ÿa Kalkuttañkydan iki essesidigi, geñ galdyrar. Bunuñ sebäpleriniñ biri hem, transportyñ el-ÿeterli bolmazlygy, Şonuñ üçin hemme zat, pyÿada ÿeterlik aralykda bolmalydy. Şol sanda barja arassa suw çeşmeleride. Üste-üstine şäheriñ gury ÿer meÿdany çozuşlardan goranmak üçin diwarlar bilen çäklendirilendi. Rim Imperiÿasy, infrastruktura dikeltmegi bilen, bu kynçylyklary ÿeñip bildiler. Emma bundan daşary, bize tanyş şäherler, Senagat Öwrülşigine çenli baş almandylar. Täze tehnologiÿalaryñ köpçülikleÿin öndürülmegi, şäherleriñ giñelmegine we hasda birikdirilmegine getirip, polisiÿa, ÿangyn we sanitariÿa gulluklary, köçeleri we soñurrak elektrik tok paÿlaÿjy ulgamlaryny döredilmegini mümkin etdi. Indi, şäherleriñ gelejegi nähili? Häzir dünÿäniñ ilaty, 7 milÿarddan gowyrak, we 10 milÿarda ÿetmegi çaklanylÿar. Bu ösüşiñ köpüsi dünÿäniñ iñ garyp ÿurtalarynyñ şäher zolaklarynda bolar. Bu ösüşleri garşylamak üçin, şäherler nähili özgermeli bolarka? Ilki bilen, dünÿe adamlara ÿeterlik iÿmit, arassaçylyk, we bilim bilen, üpjün etmegi başarmaly. Ikinjisi, ösüş, harytlary we hyzmatlary üpjün etÿän, topraga zeper ÿetirmez ÿaly bolup geçmeli. Belki iÿmit öndürüjiligi, dik ekerançylyga, we belent binalara, üçekdäki melleklere we şäherleriñ boş ÿerlerine geçiriler, elektrik togy bolsa gitdigiçe bir näçe, täzelenip biliji çeşmelerden alynar. Ÿeke maşgala öÿlere derek, köp öÿler dikligine gurular. Şeÿlede, adamlaryñ gündeki ihtiÿaçlaryny, hemmesini öz içinde saklaÿan binalar, we kiçiräk, öz-özüni dolandyryjy, ÿerli we durnukly öndürüjilige üns berÿän şäherler. Şäherleriñ gelejegi her dürli, ynjyk we döredijilik ukyply, öñkiler ÿaly bir senagatyñ esasynda gurulman, oña derek gitdigiçe birikdirilen we global dünÿäñ aÿlasynda gurular.